Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: Numonjon Ýusubow: «Altyn asyr» toparçanyň iň güýçli wekilleriniň biri, hüjüme-de, goraga-da berk üns bermeli bolarys»

23:4516.05.2021
0
596

AFK-nyň kubogy ― 2021-iň ikinji duşuşygyndan öň geçirilen metbugat maslahatynda «Alaý» futbol toparynyň baş tälimçisi Numonjon Ýusubow bilen toparyň futbolçysy Almazberk Malikow žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

― «Altyn asyr» toparçanyň iň gowy toparlarynyň biri. Topar AFK-nyň kubogynda üstünlikli çykyş edip gelýär. Gowy futbolçylary bar. Garşydaşyň güýjünden habarymyz bar. Olaryň «Hujand» bilen geçiren oýnuna tomaşa etdik. Ertirki oýna gowy taýýarlanyp, mynasyp geçirmäge çalşarys. Gynansagam, «Nasaf» bilen bolan oýunda esasy düzümdäki futbolçylarymyzyň ikisi şikes aldy. Bu bolsa ertirki oýunda biziň işimizi kynlaşdyrar. Ätiýaçdaky düzümimiz hem juda bir uzyn däl. Muňa garamazdan, iň gowy oýnumyzy orta goýmaga synanyşarys.

Dogry, «Alaý» AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa birnäçe ýyl gatnaşdy. Ýöne häzirki düzümimiziň wekilleriniň aglabasy heniz ýaş. Bu ýaryş olar üçin diýseň ähmiýetli tejribe mekdebi bolar.

Birinji tapgyrda açyk futboly orta goýup bilmedik. Şeýdip hem uly hasapda ýeňildik. Ertir taktikany üýtgedip, hüjüme ýakyn oýny orta goýmaga çalşarys. «Altyn asyryň» düzüminde hem çalasyn futbolçylar kän. Şonuň üçin hem hüjümden goraga-da çalt dolanmagy başarmak gerek. Ýatladýan, toparymyzdaky futbolçylaryň köpüsinde heniz tejribe ýetmezçiligi görünýär. Ýöne ikinji tapgyrda käbir oýunçylary çalyşmagymyz mümkin. Toparymyzyň kapitany we Ahliddin Isroilow ertir oýuna gatnaşyp bilmez. Duşuşykda olaryň ýoklugy bildirer. Şeýle-de bolsa, gol geçirmek üçin hüjümi köp gurnamaga synanyşarys ― diýip, baş tälimçi žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Toparyň futbolçysy Almazbek Malikow bolsa «Altyn asyryň» birinji tapgyrdaky oýnuna tomaşa edip, topary kemsiz öwrenendiklerini aýtdy. Ýöne ol özleri üçin bu beletligiň ýeterlik boljakdygyna şübhelenýär, şonuň üçin hem oýnuň özleri üçin kyn boljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň