Soňky habarlar

Arhiw

«Airbnb» tomusda wagtlaýyn ýaşamak üçin ýer bronlamagyň gymmatlajakdygyny öňe sürýär

11:1917.05.2021
0
1868
«Airbnb» tomusda wagtlaýyn ýaşamak üçin ýer bronlamagyň gymmatlajakdygyny öňe sürýär

Ýaşaýyş jaý gözlegi boýunça meşhurlyk gazanan «Airbnb» onlaýn platformasy tomusa çenli wagtlaýyn ýaşamak üçin ýer berkidip goýmagyň bahasynyň ep-esli ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Bu barada «Euronews» habar berdi.

Kompaniýanyň hasabatyna görä, diňe şu ýylyň birinji çärýeginde ABŞ-da bronlaryň sany 52 göterim artdy. Bu bolsa adaty ýyllardakydan hem artykdyr.

Ýewropa ýurtlarynda bu sanlar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ýaly ýokary däl, emma ýaşaýyş jaýlaryny bron etmek islegi yzygiderli ýokarlanýar. «Airbnb»-niň habaryna görä, pandemiýa bilen bagly çäklendirmeleriň ýatyrylandygyna garamazdan, syýahatçylar barybir köpçülikden üzňe bolanyny kem görenok.

Ýeri gelende aýtsak, pandemiýa wagtynda «Airbnb» ýatyrylan gezelençler üçin 59 million dollar ýitgi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň