Türkmenistan BAE-de galan raýatlarynyň bir toparyny alyp geldi

09:1614.05.2021
0
13135
Türkmenistan BAE-de galan raýatlarynyň bir toparyny alyp geldi

Şu gün irden «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň «Boeing-777-200LR» uçary Türkmenabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu uçar bilen halkara uçuşlar ýatyrylansoň, mejbury ýagdaýda BAE-de galan watandaşlarymyz Dubaý şäherinden alnyp gelindi. Olaryň sany 200-den geçýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda, ýörite uçuş bilen BAE-den getirilen watandaşlarymyz hökmany karantin gözegçiliginde bolarlar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan daşary ýurtlarda galan raýatlary üçin şeýle uçuşlary yzygiderli guraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň