Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly festiwal bäsleşigi öz işine başlady.
Festiwal şu gün hem gyzykly eserleriň birnäçesi bilen dowam edýär.
Şu günki maksatnama sagat 11-den 12:30 aralygynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň “Watanym-seždegähim” atly sahna oýnunyň görkezilmegi bilen başlar.
Sagat 15-den 17-ä çenli bolsa ýene-de Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň “Üç dana” atly sahna oýny görkeziler.
Günüň maksatnamasy 19.00 – 21.00 aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda teatryň “Alpnama” atly sahna oýny bilen tamamlanar.
Sahna oýunlaryna tomaşa etmek hemmeler üçin açykdyr.
Ozal hem habar berlişi ýaly, festiwal bäsleşigi 16-njy maýda jemlener.