Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Baýram namazy metjitlerde okalmaz

00:4913.05.2021
0
10620

Şu ýyl Oraza baýramynyň aýyt namazy metjitlerde okalmaýar. Bu barada «Türkmenportala» Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti tarapyndan habar berdi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 13.07.2020 senede metjitlerde we namazhanalarda ybadat etmeklikleri, zyýarathanalarda sadaka bermeklikleri, zyýarat etmeklikleri çäklendirildi hem-de şol toparyň 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiren mejlisiniň teswirnamasyna laýyklykda raýatlaryň 01.04.2021 seneden başlap tertibe laýyklykda metjitler we namazhanalar diňe 5 wagt namaz berjaý etmeklikleri üçin ybadata açyldy. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, bu ýyl metjitlerde Baýram namazynyň okalmaýandygyny raýatlaryň dykgatyna ýetirýäris.

Baýram gününiň ruhunda raýatlaryň baýramçylygy öz maşgala agzalary bilen bilelikde bellemeklerini maslahat berýäris.

Bu wagtlaýyn çäklendirmeler agzybirligi pugtalandyrmak, milli ýörelgeleri we maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýetinden üzňe bolman, ýokanç keselleriň öňüni alyş çäresinden ybarat bolup, Yslam dininde adam saglygyna uly ähmiýet berilýändigi baradaky aladalara esaslanýar, diýip Müftüligiň beýanynda maglumat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň