Top.Mail.Ru

Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleri Covid-19 ýokanjyna garşy göreşmek barada Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler

22:5312.05.2021
0
3490

Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

HHR-nyň Döwlet geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýetini nygtady.

Ministrler hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady we maýa goýum, şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar. Ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň esasylarynyň hatarynda pandemiýa garşy göreşmek hem-de lukmançylyk, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda özara hereketleri güýçlendirmek meseleleri bardy.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerine seretdiler, howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda daşary syýasy işiniň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda: “Özara hereketlerimiziň esasy, strategiki ileri tutulýan ugurlary hökmünde Türkmenistan parahatçylygy, strategiki we sebit durnuklylygy berkitmek işlerine biziň dostlukly döwletlerimiziň we halklarymyzyň howpsuz hem durnukly ösüşi üçin zerur şertleri üpjün etmäge goldaw bermek hökmünde garaýar” diýip belledi. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýan özara syýasy gatnaşyklary berkitmegiň ähmiýetini nygtady.

Sebit we halkara derejelerinde energiýa, ulag we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň garaýyşlary beýan edildi. Sebit we yklym derejelerinde esasy ulag geçelgeleri boýunça ulag-üstaşyr gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Merkezi Aziýanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly peýdalanmak arkaly Türkmenistanyň ulag özarabaglanyşygy we durnukly söwda gatnaşyklary üpjün etmegi maksat edinýändigi we mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardygy bellenildi.

Ministrler işjeň gepleşikleri goldamak hem-de söwda, ulag-aragatnaşyk, lukmançylyk we saglygy goraýyş, ylmy-tehniki innowasiýalar, sanly ykdysadyýet we beýleki ulgamlarda bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin duşuşyklaryň usullarynyň ýola goýulmagyny beýan etdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça resminamalaryň birnäçesi, ýagny «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň formatyny döretmek hakyndaky Ähtnama, «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Owganystan boýunça Bilelikdäki Beýannamasy, «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Bilelikdäki Beýannamasy, «Merkezi Aziýa - Hytaý» döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Covid-19 ýokanjyna garşy göreşmek barada Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Soňra “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň netijeleri boýunça Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň brifingi geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň