Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda netijeli gatnaşyklary ýylsaýyn berkitmek bilen, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň baý uglewodorod ýataklaryny netijeli özleşdirmek, Hazar sebitinden energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak üçin netijeli çäreleri görýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, strategik ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, şol sanda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol işleriň biri Hazardaky “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek bolup durýar.
Döwlet Baştutany hem-de myhman Hazar meseleleriniň bu sebiti parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge mynasyp goşant goşýan Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrudygyny nygtadylar. Duşuşygyň çäklerinde türkmen tarapynyň başyny başlan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmakda ösüşiň gazanylýandygy bellenildi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm başlangyçlarynyň dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny aýtdy. Çünki olar halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda Ýewraziýa yklymyna howpsuz we üstaşyr geçirmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir.