Arhiw

Alymlar otag gülleriniň bakteriýalary we toksinleri ýok edýändigini aýdýarlar

17:4812.05.2021
4
8370

Otag ösümlikleriniň öýüň howasyna oňyn täsir edýändigi ozaldan hem mälim. Ýöne kömürturşy gazyny özüne siňdirip, öýüň kislorod çeşmesi bolmakdan başga, otag ösümlikleriniň haýry kän eken.

Biologiýa ylymlarynyň doktory, Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Botanika bagynyň müdiri Wladimir Çub «Sputnik» radiosyna beren interwýusynda otag gülleriniň öýüň ýyladyş ulgamyna hem uly täsiriniň bardygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde mirt we bibariya ýaly otag gülleri hoşboý ysy we fitonsidal täsiri bilen öýdäki bakteriýalary ýok edip bilýär.

Otag gülleriniň arasynda kükürtli birleşmelerdir azot oksidlerini özüne siňdirip bilýänleri hem bar. Alymyň pikirine görä, bu täsir «çalt ösýän ösümlikler üçin häsiýetlidir». Şeýle gülleriň çalt ösmäge bolan ukyby howadan köp zady özüne siňdirmegine ýardam edýär.

Şeýle hem biolog otag gülleriniň ýapraklaryny ýuwmalydygyny, olaryň howany arassalap bilmegi üçin üstündäki tozanlary aýyrmalydygyny aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň