Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyplar matematika boýunça halkara bäsleşigiň köp sanly medalyna eýe boldular

10:1211.05.2021
0
24995

Maý aýynyň 5 — 8-i günlerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek onlaýn görnüşde halkara matematika bäsleşigi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Üç günläp dowam eden halkara bäsleşik iňlis dilinde alnyp barlyp, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň 200-si, şeýle hem Russiýa, Özbegistan, Gazagystan, Ukraina, Rumyniýa, Bolgariýa ýaly, jemi 17 döwletden zehinli talyplaryň 400-e golaýy gatnaşdy.

Matematikanyň çylşyrymly meseleleridir mysallarynyň dürli görnüşlerini çözmegi öz içine alýan bu bäsleşik iki tapgyrda guralyp, onuň birinji tapgyrynda şahsy birinjilik boýunça, ikinji tapgyrynda bolsa toparlaýyn bäsleşildi. Bäsleşigiň iki tapgyrynda hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyplary üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar. Ine, bu babatda bäsleşigiň guramaçylyk toparynyň agzasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň takyk we tebigy ylymlar kafedrasynyň mugallymy Pirmyrat Gurbanow şeýle gürrüň berdi:

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika boýunça geçirilen halkara matematika bäsleşiginde ýokary netije gazanan talyp ýaşlarymyzyň 113-si ýeňiji boldy. Şonda şahsy bäsleşikde olaryň 19-sy birinji, 27-si ikinji, 67-si bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa 8-si ýeňiji boldy, ýagny 3-si birinji, 1-i ikinji, 4-si üçünji orny eýelemegi başardy.

Halkara bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden bäsleşige gatnaşyp, üstünlikli çykyş eden ýeňijilere, degişli orunlara mynasyp bolan talyplara diplomlardyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň