Türkmenistana Hytaýyň «CoronaVac» sanjymynyň uly tapgyry getirildi

22:0109.05.2021
0
20101
Türkmenistana Hytaýyň «CoronaVac» sanjymynyň uly tapgyry getirildi

9-njy maýda COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy Hytaýyň "Sinovac" kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan “CoronaVac” waksinasynyň uly tapgyry Türkmenistana getirildi. Dünýäniň ençeme ýurtlarynda geçirilen kiliniki barlaglaryň netijesinde, bu waksina özüniň ýokary netijeliligini we howpsuzdygyny subut etdi.

Hytaýda öndürilip, Türkmenistana getirilen waksinalar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, şeýle hem Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynda saklanýar. Şol ýerlerde olary saklamak üçin hemme zerur şertler döredildi.

Koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda, ilatyň immun derejesini durnuklaşdyrmak üçin Türkmenistan eýýäm Russiýanyň "Sputnik V" we "EpiWakKorona”, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasyndan “BIOwak” waksinalaryny alypdy.

Ýurda getirilýän hemme waksinalar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we ÝUNISEF-iň tekliplerine pugta laýyklykda, "sowuklyk zynjyrynyň" talaplary berjaý edilmek bilen ammarlarda saklanylýar.

Ozal habar berlişi ýaly, 6-njy maýda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda lukmançylyk ulgamynda, hususan-da, dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy bilelikde göreşmekde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm ugurlaryna garaldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň