Ýagşymyradowyň Bellatordaky indiki tutluşygynyň tomusda bolmagy mümkin

00:2409.05.2021
0
15540

Türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellatordaky indiki tutluşygynyň şu ýylyň tomsunda bolmagyna garaşylýar.

Bu barada pälwan TASS-yň sport habarçysy Igor Lazorine beren interwýusynda aýtdy.

«Meniň indiki tutluşygymyň iýulyň ahyrynda ýa-da awgustyň başynda bolmagy mümkin» diýip, ol bu barada maglumat berdi.

Biziň ildeşimiziň Bellatordaky ilkinji tutluşygyny aprel aýynda geçirip, amerikaly Kori Andersondan tehniki nakaut bilen asgyn gelendigini ýatladýarys. Ýagşymyradow ― Anderson tutluşygy Bellator 257-niň çäginde geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň