Türkiýäniň ilçihanasy Türkmenabat ― Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny gurar

14:2208.05.2021
0
13864

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy «Türkhowaýollary» milli awiakompaniýasynyň 2021-nji ýylyň 10-njy maýynda amala aşyrmagy göz öňünde tutýan ýörite uçar gatnawy barada beýanat çap etdi. Şol beýanat ilçihananyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.

Bu beýanatda hususan-da şeýle diýilýär:

Hormatly raýatlarymyz

1. «Türkhowaýollary» milli awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 10-njy maýynda sagat 17:00-da Türkmenabat ― Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

2. Bu uçar gatnnawy arkaly ýurduna gitmek isleýän raýatlaryň talaplaryny «Türkhowaýollary» milli awiakompaniýasynyň «askabatbiletsatis@thy.com» elektron salgysyna wagtynda habar bermegi zerurdyr.

3. Bu gatnawdan peýdalanmak isleýän her bir ýolagçy üçin «Türkhowaýollary» milli awiakompaniýasy tarapyndan petegiň bahasy 550 ABŞ-nyň dollary möçberinde kesgitlendi. Raýatlaryň peteklerini almak üçin pasportlarynyň asyl nusgasy we kopiýalary bilen «Türkhowaýollary» milli awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky petek satýan edarasyndan (Atatürk şaýoly 82, «Berkarar» söwda merkezi 1-nji gaty A7-A8, Tel:+993- 610-144-33) petegini alyp bilerler.

Şeýle hem petekleri «Türkhowaýollary» milli awiakompaniýasynyň şu aşakda görkezilen bank hasabyna geçirip, töleg fakturasyny «askabatmuhasebe@thy.com» elektron salgysyna ibermek arkaly hem alnyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň