Arhiw

Berdimuhamedow ýurduň gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlary çekmek işini talabaýalyk alyp barmagy talap etdi

10:4808.05.2021
0
9459

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň anna gününde geçirilen mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda alnyp barlan gurluşyk işleriniň netijesiniň ortaça bolandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda işleriň depginini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklary berdi.

Ýubileý ýylynda dürli desgalary işe girizmek boýunça örän köp çäreler bellenildi we şoňa görä-de, işiň depgini gowşadylmaly däldir diýip, milletiň Lideri aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek işini talabalaýyk alyp barmagy talap etdi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri bar bolan kynçylyklara garamazdan, senagat we durmuş maksatly, aýratyn-da, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmek we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmak boýunça işleriň hem dowam etdirilmelidigini belläp, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň