Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar arylaryň kömegi bilen koronowirusy sanlyja sekuntda anyklamagyň ýoluny tapdylar

19:3007.05.2021
0
5630

Wageningen uniwersitetiniň Entomologiýa barlaghanasynyň we «InsectSense» startapynyň alymlary Tuluzadaky (Fransiýa) Pol Sabatier uniwersitetinde işleýän kärdeşleriniň goldawy bilen arylara koronowirus ýokanjyny ys arkaly saýgarmagy öwretdiler. Bu barada «agroxxi.ru» habar berýär.

Terjibe işleri Pawlow usuly boýunça geçirildi. Onuň dowamynda arylara her gezek ýokanjyň ysyny saýgaranda şeker bilen sylaglanyldy.

Wagtyň geçmegi bilen arylar şekersiz hem yslary saýgarmak ukybyny gazandylar. Şeýlelikde, alymlar olarda keseli birnäçe sekuntda anyklamak ukybyny ýüze çykardylar. Tejribe işlerinde 150 arydan peýdalanyldy.

Bu gözlegleriň netijesinde «BeeSense» tehnologiýasy hem işlenip taýýarlanyldy. Ol arylary öwrenýän çalymdaş gurluşdan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň