Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropa ligasynyň finalynda «Mançester Ýunaýted» we «Willareal» duşuşar

14:2407.05.2021
0
3253
Ýewropa ligasynyň finalynda «Mançester Ýunaýted» we «Willareal» duşuşar

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” we Ispaniýanyň “Willarreal” klublary 2020/21 möwsümiň Ýewropa ligasynyň final duşuşygynda oýnar.

Penşenbe güni ýarym finalyň jogap oýunlary geçirildi. “Mançester Ýunaýted” Italiýanyň “Roma” klubundan 2:3 hasabynda utuldy. Ýer eýelerinden Edin Jeko (57-nji minut), Brian Kristante (60) we Nikola Zalewski (83) tapawutlanmagy başardy. Myhmanlardan Edinson Kawani dubl etdi (39, 68). Ilkinji duşuşykda “Mançester Ýunaýted” garşydaşyny 6:2 hasabynda ýeňip, iki oýnuň jemi boýunça finala çykdy.

“Willarreal” ýarym finalda iňlislerň “Arsenaly” bilen oýnady. Ilkinji oýunda ispanlar 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy, jogap duşuşyk deňme-deň tamamlandy - 0:0.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň