Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutup berdi

23:4405.05.2021
0
5005
Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutup berdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak çäresine gatnaşdy. Çäre Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birinde geçirildi.

Döwlet Baştutany ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli atçylyk toplumyny bina etmek üçin seçilip alnan ýeri makullap, 500 at saklamak üçin niýetlenen atçylyk toplumynyň taslamalary hem-de çyzgylary bilen tanyşdy.

Bu ýerde içeri işler ministri M.Çakyýew taýýarlanylan taslamalar hem-de toplumyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olarda dörediljek şertler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy meýdany 40 gektara barabar bolup, onuň çäklerinde edara binasy, münberler, açyk manež, bedewler, taýlar hem-de höwür atlar üçin niýetlenen desgalar, weterinariýa binasy, ot-iým ammarlary, tehnikalar üçin niýetlenen desga, atlaryň türgenleşik meýdançasy, çapuw ýodasy, suw howuzlary, awtoduralga, karantin binasy we beýlekiler bar.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar we binalaryň ýerleşjek ýerlerini görkezýän çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi.

Türkmen Lideri toplumyň binýadynda goýuljak ýadygärlik senenama gol çekip, ýazgy ýerleşdirilen gutyny gurluşygyň binýadyna oklady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, täze desganyň binýadyna beton garyndylaryny guýdular. Şeýle hem bu ýerde guralan ähmiýetli çärä Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän ýöriteleşdirilen 1-nji harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar. Türkmen Lideri okuwçylar bilen söhbetdeş bolup, olaryň okuwlary, boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandyklary hem-de hünäre bolan höwesleri bilen gyzyklandy.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümlerine bölünip berlen ýerde harby gullukçylaryň eken miweli baglaryny, üzümçiligi synlady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow bagçylykda we üzümçilikde alnyp barylýan işler, onuň suwaryş ulgamynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalar barada hasabat berdi.Wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary döwlet Baştutanyna ekilen baglaryň görnüşleri, aýratynlygy, suwaryş ulgamy barada maglumat berýän taslamalary görkezdi. Bu ýerde ir-iýmişleriň alma, armyt, beýi, erik, garaly, hoz, hurma, pisse, şetdaly, zeýtun görnüşleri ekildi. Häzir üzüm dalbarynyň özboluşly görnüşini döretmegiň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň