Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Boý Bodron» dermanhanasy ilkinjileriň biri bolup eko ulgamyny durmuşa geçirýär

17:4603.05.2021
0
8334

«Boý Bodron» hususy kärhanasy daşky gurşawy gorap saklamak hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilige geçmek başlangyçlaryndan ugur alyp, müşderilerine derman serişdelerini «Türkmen senet» kärhanasynda öndürilýän spanbondan organiki paketlerde hödürleýär.

Spanbond bu adybir tehnologiýa esasynda taýýarlanylýan sintetik materialdyr. Ol dokma stanoklary ulanylmazdan, polimer süýümlerden ýa-da sapaklardan alynýar.

Ekologiýa taýdan arassa süýüm howany erkin geçirýär, yzgary özüne siňdirmeýär. Bu material howanyň üýtgemegine durnukly bolup, özünde mikroklimaty saklaýar. Bulardan başga-da himiki jisimleriň täsirine garşy durnuklydyr. Bu bolsa derman serişdeleriniň ygtybarly saklanylmagyna mümkinçilik berýär. Ekologiýa taýdan arassa, berk, ýeňil hem köp ugurlardan ulanyş üçin ýaramlylygy bu materialyň gymmatyny has-da artdyrýar.

«Boý Bodron» hususy kärhanasynyň derman serişdelerini hut spanbondan öndürilen organiki paketlerde hödürlemegi onuň ilkinji nobatda müşderileriniň aladasyny edýändigine şaýatlyk edýär.

Kärhananyň işleri we dermanlaryň görnüşleri barada has giňişleýin maglumaty resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň