Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Boý Bodron»: halkyň saglygynyň aladasynda

0
8814

«Boý Bodron» hususy kärhanasy eýýäm ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli derman hem-de lukmançylyk serişdeleri bilen elýeter bahadan üpjün etmekde halkymyza netijeli hyzmat edýär.

Türkmenistanyñ Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda hereket edýän bu kärhana daşary ýurtlarda we ýurdumyzyň içinde öndürilen farmasewtiki, saglygy goraýyş we ortopediýa önümleriniñ bölek we lomaý söwdasyny alyp barýar.

«Boý Bodron» müşderilerine şu hyzmatlary hödürleýär:

  •  Şäheriň içinde eltip bermek hyzmaty gysga wagtyň dowamynda amala aşyrylýar;
  •  Hassahanalara we maýyplara dermanlary eltip bermek hyzmaty mugt;
  •  Kart belgisini operatora aýdyp, arzanladyş/toplaýyş kartyňyzy ulanyp bolar;
  •  Töleg nagt we nagt däl görnüşde kabul edilýär;
  •  Eltip bermek hyzmaty dynç günsüz 9:00-dan 21:00-e çenli işleýär.

Ilatymyzy onuň isleglerine doly laýyk gelýän dermanlyk serişdeleri bilen üpjün etmek kärhananyň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň biridir.

Türkmen Döwlet hasaba alyş Gullugy tarapyndan bellige alnan bu hususy kärhana derman harytlaryny satyn alanda  ilata zerur bolan dürli görnüşli hem-de ulanyş möhleti dowamly bolanlaryny saýlap alýar. Bu bolsa halkyň isleginiň ileri tutulýandygyny aňladýar. Kärhana daşary ýurtlaryň derman serişdeleriniň birnäçe görnüşleriniň ýurdumyzda bellige alynmagyna hem ýardam etdi.

Getirilýän dermanlyk serişdeleriniň we lukmançylyk enjamlarynyň ählisiniň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň degişli talaplaryna we halkara GMP standartlaryna doly laýyk gelmegi kärhana üçin baş ýörelge bolup durýar. Munuň özi alyjylarda «Boý Bodron» kärhanasynyň hödürleýän harytlarynyň hiline bolan ynamyny artdyrýar.

Dünýä belli öndürijiler bilen uzak möhletleýin işewür gatnaşyklary alyp barmak bilen kärhana özüniñ ilata hödürleýän harytlaryñ sanyny has-da artdyrýar. Netijede, kärhana häzirki wagtda Germaniýanyň SFM, Awstriýanyň SigmaPharm, Latwiýanyň LMP, Şweýsariýanyň Microlife, Şweýsariýanyň Mefa, Hindistanyň Reliance Life Sciences ýaly adybelli öndüriji kompaniýalaryñ harytlaryny ilatymyza hödürleýär.

«Boý Bodron» kärhanasy döredileninden bäri çagalar öýüne, maýyplar öýüne, ynsanperwer guramalaryna maliýe kömegini bermegini dowam edýär.

«Boý Bodron» hususy kärhanasy ýurdumyzyň çäginde hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerine we çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurdan degişli baýraklara,  diplomlardyr  Hormat hatlaryna hem mynasyp boldy. 2003 we 2004-nji ýyllarda Ženewada Halkara Gaznasy tarapyndan «Işewürlikde ýokary hil görkezenligi» üçin altyn medala mynasyp boldy. 

Kärhana döwür bilen aýakdaş hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşant hökmünde «Boý Bodron» hususy kärhanasynyň üç dilde elýeterli bolan web saýty bar. Kompaniýa müşderilerine saýtynyň üsti bilen hem ençeme amatly hyzmatlary hödürleýär. Häzirki wagtda hödürlenilýän hyzmatlary has hem kämilleşdirmek maksady bilen täze saýtyň üstünde işlenilýär.

Mundan başga-da, «Boý Bodron» telefonlar üçin ykjam programmasyny işläp taýýarlaýar. Ol Android hem iOS operasion ulgamly smartfonlar üçin elýeterli bolar.

Öz işini alyp barmakda «Boý Bodron» daşky gurşawy gorap saklamak hem-de ekologiýa taýdan arassa önümçilige geçmek başlangyçlaryndan ugur alýar. Şu maksat bilen, kompaniýa müşderilerine derman serişdelerini «Türkmen senet» kärhanasynda öndürilýän spanbondan organiki paketlerde hödürleýär.

Şeýle hem ýakynda kompaniýa haryt nyşanyny döwrebaplaşdyrdy.

«Boý Bodron» hususy kärhanasy geljekde dermanlaryň dürli görnüşlerini ilatyň islegine göra getirmegi we ýerlemegi, haryt dolanyşygyny yzygiderli artdyrmagy dowam etmegi baş maksady edip goýýar.
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar