Soňky habarlar

Arhiw

MIgrasiýa boýunça halkara guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasy okuw maslahatyny geçirdi

21:2529.04.2021
0
5358

Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň guramagynda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Iş toparynyň agzalary üçin okuw maslahaty geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň degişli döwlet edararalary bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolan hem-de global çözgütleri talap edýän adam söwdasy bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdine gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Adam söwdasyna eltýän global görkezijiler we oňa garşy hereket etmekde halkara tejribeler, adam söwdasynyň pidalarynyň şahsyýetini anyklamakda we ýüze çykarmakda maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek meseleleri okuw maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi. Şeýle hem, okuw maslahatyna gatnaşyjylar adam söwdasyndan ejir çekenleri ýüze çykarmak we olara ýardam etmek boýunça tejribeler we işler boýunça döwlet institutlary, raýat jemgyýetleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça özara pikirleri alyşdylar.

Mashatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň