Türkmenistanyň öňden gelýän daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň biri bolan «ARETI» halkara kompaniýalar topary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hemaýatkäri boldy. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty habar berýär.
Bu forum, mümkin bolan maýadarlaryň nebit-gaz pudagy we gaz himiýasy boýunça täze maýa goýum taslamalary baradaky habardarlygyny artdyrar, irki ýataklarda nebit-gaz önümçiligini işjeňleşdirmäge, şeýle hem Hazaryň Türkmen kenaryndaky ýataklaryň ösüşini güýçlendirer.
«ARETI» HKT (öňki «ITERA») 1992-nji ýylda rus telekeçisi Igor Makarow tarapyndan esaslandyryldy. Kompaniýanyň esasy işi: tebigy gaz, çig nebit we nebit önümleri, nebit söwdasy, inženerçilik we dizaýn işleri we beýleki iş görnüşleri ýaly nebit-gaz pudagyna maýa goýumlary.
Türkmenistanda «ARETI» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky Blok 21-de ýurdumyzyň hökümeti bilen gol çekilen Önüm paýlaşmak şertnamasy esasynda iş alyp barýar.
«ARETI-iň» düzümine Türkmenistana, Şweýsariýa, Russiýa, GDA we Baltika ýurtlaryna, ABŞ, Kanada, Günbatar Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna degişli onlarça golçur we şahamça girýär.