Soňky habarlar

Arhiw

Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler

23:5328.04.2021
0
7343

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde «ARETI» (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, «King&Spalding» hukuk kompaniýasynyň baş direktory hem-de hyzmatdaşy Endrýu Hruska, «Rizvi Traverse Management LLC» kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, «Legacy» maliýe kompaniýasynyň baş direktory, «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanyny dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurdunda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdylar.

Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.
Türkmen Lideri teklipleri üçin minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi. Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň