Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda türkmen filmleriniň görkezilişi bolar

11:5427.04.2021
0
18674

10 ― 16-njy maý aralygynda «Aşgabat» kinoteatrynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan türkmen filmleriniň görkezilişi guralar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli görkeziliş üçin 11 film saýlanyp alyndy. Olaryň taryhy 1958-nji ýyldan başlap, biziň günlerimize çenli gelip ýetýär.

Has takygy, tomaşaçylar şol günlerde türkmen kinematografiýasynyň altyn hazyna giren «Ilkinji synag», «Ýuwaş gelin», «Galkynyş», «Ajaýyp», «Durmuş kyssalary», «Gyzykly gezelenç», «Kämillige ýol», «Ýaş köňülleriň ganaty», «Bagt guşy», «Tüweleýiň mekany bolmaz», «Gumly gelniň aýdymy» filmlerine tomaşa edip bilerler.

Çeşmäniň habaryna görä, şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýän çäräniň çäginde kinorežissýorlar bilen duşuşyklar hem guralar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň