Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ döwlet baýdagyna ýene bir ýyldyz goşup, Waşington şäherini ýurduň 51-nji ştatyna öwürmegi meýilleşdirýär

16:5723.04.2021
0
1042

ABŞ döwlet baýdagyna ýene bir ýyldyz goşup, Waşington şäherini ýurduň 51-nji ştatyna öwürmegi meýilleşdirýär.

ABŞ-nyň parlamentiniň Wekiller palatasynda geçirilen ses berişlikde ştatlardan garaşsyz, aýratyn statusa eýe bolan paýtagt Waşington şäherine 51-nji ştat statusyny berýän kanun taslamasy kabul edildi. Mejlise hödürlenen "H.R. 51" kanun taslamasynda 700 müň adamyň ýaşaýan we ýurduň 21 ştatyndan köp salgyt töleýän Waşington şäherini 51-nji ştata öwürmeklik meýilleşdirilýär.

Kanun taslamasyna ABŞ-nyň parlamentiniň Demokratiýa partiýasyndan bolan 216 deputaty oňyn ses beren bolsa-da, respublikan partiýasyndan bolan 208 deputaty garşy ses berdi. Kanun taslamasy ikinji gezek tassyklamak üçin Senata iberildi.

Bu kanun taslamasy durmuşa geçirilse, ABŞ baýdagyna ýene bir ýyldyz goşular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň