Arhiw

Rüstem Annaberdiýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda altynjy orny eýeledi

12:1123.04.2021
0
4126
Rüstem Annaberdiýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda altynjy orny eýeledi

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Rüstem Annaberdiýew Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda altynjy orny eýeledi.

Ol iki görnüşiň jemi boýunça 351 kilogram agyrlygy eýgerdi. Şunda onuň ştangany silterläp götermekdäki netijesi 159, itekläp götermekde 192 kilograma ýetdi.

Onuň çykyş eden agram derejesinde eýranly agyr atletikaçy, dünýäniň iki gezek çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalçysy Kianuş Rostami altyn, gazagystanly Nurgisa Adiletuly kümüş, özbegistanly Sarwarbek Zafarjonow bürünç medalyň eýesi boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň