Soňky habarlar

Arhiw

Ilçihana türkmenistanly ýaşlary Italiýada okamaga çagyrýar

19:5022.04.2021
0
37823

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web saýtynda Italiýanyň Bilim, uniwersitetler we gözleg ministrliginiň daşary ýurtly dalaşgärleri okuwa kabul etmek baradaky degişli tertibi eýýäm çap edendigini habar berdi. Bu maglumat ministrligiň resmi web saýtynda italýan we iňlis dillerinde paýlaşyldy.

Wiza almak üçin ýüz tutýan daşary ýurtly talyplar https://www.universitaly.it/ portaly arkaly uniwersitetlerde öňünden hasaba durup biler.

Has giňişleýin maglumat üçin Italiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna şu salgy arkaly ýüz tutuň: ashgabat.visti@esteri.it.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň