Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda elektron sport boýunça dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlary geçiriler

13:0022.04.2021
0
8580

Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy resmi web saýtynda Elektron sport boýunça 13-nji dünýä çempionatynyň ýakyn wagtda geçiriljek sebitleýin ýaryşyna gatnaşyjy milli ýygyndymyzy düzmek maksady bilen, «Dota2» we «Counter-Strike: Global Offensive» elektron oýunlary boýunça milli saýlama ýaryşy geçirýändigini habar berdi.

Saýlama ýaryşda ýeňiji bolan toparlara şu ýylyň noýabr aýynda Ysraýylyň Eilat şäherinde geçiriljek sebitleýin ýaryşa gatnaşmaga hukuk berler.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, milli saýlama ýaryşlarynyň ähli duşuşyklary federasiýanyň «Twitch» we «YouTube» kanallarynda göni ýaýlymda görkeziler.

Ýaryşa gatnaşmak üçin şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, 16 ýaşyna ýeten islendik türkmenistanly ýüz tutup biler. Ýaryşa gatnaşmagyň şertleri, onuň geçiriljek günleri we düzgünleri baradaky jikme-jik maglumatlar biraz soňrak berler.

2008-nji ýylda döredilen Halkara Esportlar Federasiýasy (IeSF) dürli ýurtlardan 100-den gowrak milli federasiýany birleşdirýär. Türkmenistan hem olaryň biridir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň