Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy

22:4121.04.2021
0
12961

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyňdaky sport mekdebiniň tälimçisi Gülnabat Kadyrowa hem agyr atletika boýunça Aziýa çempionatyna gatnaşýan milli ýygyndymyzyň hasabyna üç medal goşdy.

Olimpiýa oýunlaryna degişli bolmadyk 71 kilograma çenli agram derejesinde 6 türgeniň arasynda geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ahmet Saryýewiň şägirdi ştangany silterläp götermekde altyn (102 kilogram), itekläp götermekde bürünç (121 kilogram), iki görnüşiň jemi boýunça kümüş (223 kilogram) medal gazandy.

Şeýlelikde, 26 ýaşly ildeşimiz bu agram derejesinde Aziýanyň çempiony bolan filippinli türgen Wanessa Sarnodan bary-ýogy 6 kilogramlyk tapawut bilen yza galdy. Şol bir wagtyň özünde-de hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykan gazagystanly türgen Ýekaterina Bykowadan 10 kilogram öňe saýlandy.

Aziýa çempionaty 25-nji aprelde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň