«Ahal» futbol toparynyň täze wekili Serdar Geldiýew Aşgabada geldi we topar bilen türgenleşiklere girişdi. Bu barada «Ahalyň» metbugat gullugy habar berýär.
33 ýaşly futbolçy geçen möwsümde Malaýziýanyň Superligasynyň wekili PDRM-de çykyş etdi. Ol möwsümde 11 duşuşyga gatnaşdy.
Serdar Geldiýewiň «Ahalyň» düzümine erkin oýunçy hökmünde goşulandygyny ýatladýarys. «Transfermarkt» nemes portaly bolsa ony 75 müň ýewro möçberinde bahalaýar.