Ankaswillede (ABŞ) «Mohegan San Arena» stadionynda Bellator 257 ýaryşynyň esasy duşuşyklarynyň biri geçirildi. Bu duşuşykda garyşyk göreşiň 31 ýaşly türkmenistanly wekili Döwletjan Ýagşymyradow bilen 31 ýaşly amerikaly Kori Anderson duşuşdy.
Tutluşyk üçünji raunnda Andersonyň Ýagşymyradowy tehniki nokauta gidirmegi bilen tamamlandy diýip, championat.com habar berýär. Duşuşyk ikinji raundda hem gutaryp bilerdi, emma Döwletjan raund tamamlanýança çydady. Üçünji raundda Andersonyň urgularyny howply hasaplan emin, duşuşygy bes etmek kararyna geldi.
Belläp geçsek, birinji raundda Döwletjan tutluşygy öz haýryna öwürmäge mümkinçilik alypdy. Gynansak-da, watandaşymyzyň güýçli urgusyndan soň Anderson tiz wagtda özüne gelip ýetişdi.