«VitaPharm» Türkmenistana dermanlaryň üçünji tapgyryny eksport etdi

15:4914.04.2021
0
18004

Gagauziýanyň «VitaPharm» derman kärhanasy Türkmenistana köp mukdarda derman serişdelerini eksport etdi. Şeýlelikde, kompaniýa Türkmenistana şeýle ýüküň 2017-nji ýyldan bäri eýýäm üçünji tapgyryny ugratdy. Bu barada Gagauzinfo.MD kompaniýanyň ýolbaşçysy Sergeý Kroýora salgylanyp habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, ilkinji iberilişi taýýarlamak üçin 8 aý gerek boldy.

«Derman serişdelerini Türkmenistanda hasaba alanymyzda, zerur resminamalary we rugsatnamalary taýýarladyk. Bu işler biziň 8 aýymyzy aldy. Şeýlelikde, ilkinji eksporty 2017-nji ýylda amala aşyrdyk. Şondan soň ikinji tapgyry 2018-nji ýylda, üçünji tapgyry bolsa ýaňy-ýakynda, şu ýylyň mart aýynda ýolladyk. Başda ýeňil bolmadyk hem bolsa, Türkmenistan indi iň ýakyn hyzmatdaşlarymyzyň birine öwrüldi» diýip, ol geçen döwür barada gürrüň berdi.

Çeşmäniň habaryna görä, häzirki döwürde «VitaPharm» öndürýän derman serişdelerini Gazagystanda hem hasaba aldyrmagyň üstünde işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň