Owganystan boýunça Stambulda boljak duşuşyga gatnaşmaga çagyrylýan 21 döwletiň içinde Türkmenistan hem bar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti «RIA Nowosti» agentligine salgylanyp habar berdi.
Owganystanyň hökümetiniň we «Taliban» hereketiniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky ýokary derejeli maslahat 24-nji aprelden 4-nji maýa çenli aralykda Stambulda geçer.
Stambula: Türkmenistan, Awstraliýa, Azerbaýjan, Kanada, HHR, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Italiýa, Ýaponiýa, Gyrgyzystan, Norwegiýa, Beýik Britaniýa, ABŞ, Özbegistan , Päkistan, Russiýa Federasiýasy we Täjigistan döwletleri çagyryldy.
Bu duşuşyga ÝB-niň Ýokary wekili, NATO-nyň Baş sekretary we Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň Baş sekretary gatnaşar.
Şeýle-de BMG-niň resmi wekili Stefan Dýužarrik deslapky gysga maslahatda bu uly syýasy çärä wideogörnüş arkaly BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiňem gatnaşmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.