Arhiw

Durmuş işi boýunça täze hünärmenler öz bilimlerini we hünär başarnyklaryny artdyrýarlar

15:3313.04.2021
0
3323
Durmuş işi boýunça täze hünärmenler öz bilimlerini we hünär başarnyklaryny artdyrýarlar

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda we Bilelikdäki maksatnama gatnaşýan BMG-niň beýleki edaralarynyň tehniki goldamagynda gurnan ikinji 15 günlük okuwynyň dowamynda durmuş işi boýunça täze hünärmenler öz hünärleri boýunça başarnyklaryny we bilimlerini artdyrdylar. Bu okuw durmuş işi boýunça hünärmenleriň 20 etrapda iki dowam eden tejribeliginiň yzy ýany geçirildi. Tejribelik döwründe täze hünärmenler durmuş hyzmatyna mätäç raýatlaryň zerurlyklaryny ýerli derejede bahalandyrdylar we olara öz ýaşaýan ýerlerinde durmuş goldawyny berdiler.

Durmuş işi boýunça hünärmenlere geçilen bu okuw ýurduň ähli welaýatlarynda durmuş işi boýunça halkara okuw institutynyň geçiren onlaýn okuwyny tamamlan ýerli bilermenler tarapyndan geçirildi. Durmuş işi boýunça hünärmenler çagany goramak, hem-de maşgalalara, maýyplygy bolan we gartaşan adamlara, gender esasly zuluma sezewar bolanlara, neşe we alkohol serişdelerini ulanýan ata-enelere, töwekgeçilik toparyna girýän ýaşlara we beýleki toparlara durmuş goldawyny bermek ýaly durmuş işiniň dürli ugurlaryna degişli mowzuklary öwrendiler.

Şeýle hem durmuş işi boýunça hünärmenler dürli toparlar bilen işleşende durmuş işinde öňüni alyş çäreleri we köp ugurly çemeleşme boýunça hünär bilimlerini artdyrdylar, hem-de ýerli derejede bar bolan çeşmeleri ulanmak, durmuş işinde ýagdaýy alyp barmak, durmuş goldawyna mätäç toparlaryň jemgyýetiň durmuşyna integrasiýasy, maýyplygyň durmuş we biopsihososýal modeli, durmuş hyzmatyny alyjylar bilen şahsy goldaw meýilnamasyny bilelikde işläp düzmek, durmuş hyzmatlarynyň hil ölçegleri, zulumyň görnüşleri we alamatlary, gender esasly zulum ýaly durmuş işiniň möhüm meselelerini öwrendiler.

Durmuş işi hünär taýýarlygy boýunça ýerli hünärmen Rustam Geldiýew durmuş işi boýunça hünärmenleriň öz bilimlerini we tejribeligini artdyrmakda uly öňegidişlik gazanandyklaryny belleýär. “Olar durmuş işi boýunça diňe hünär kämilliklerini artdyrman, eýsem ýerli hökümet edaralary bilen aragatnaşygy hem ýola goýup, olaryň durmuş goraglylygy ulgamynda täze hünärmenlere berýän goldawyny hem gazanypdyrlar,” diýip, Rustam Geldiýew aýtdy.

Ýerli derejede durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygyny kämilleşdirmegi maksat edinýän Bilelikdäki maksatnamanyň belli bir aralyklar bilen geçirýän durmuş işi boýunça bu okuwlary durmuş goraglylygy ulgamynyň işgärleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirýän işleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Bu okuwlar jemgyýetiň we ilatyň durmuş taýdan ynjyk toparlarynyň meselelerine köptaraplaýyn çemeleşýän we öz bilimlerini, hünär başarnyklaryny we durmuş işiniň etikasyny ulanyp, adamlaryň zerurlyklaryna baha bermek arkaly olary kyn durmuş ýagdaýynda öz ýaşaýan ýerlerinde goldaýan hünärmenleri taýýarlamagy maksat edinýär.

“Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly Bilelikdäki maksatnama BMG-niň hyzmatdaşlyk edýän edaralary, ýagny BMG-niň Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Ilat gaznasy we BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilip, ol BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Bilelikdäki Gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bilelikdäki maksatnama durmuş hyzmatlarynyň ýerli derejede edilýän täze nusgasyny döretmegi, degişli kanunçylyga syn berip, teklipler taýýarlamagy we degişli hünärmenleriň durmuş hyzmatlary boýunça bilimlerini we başarnyklaryny artdyrmagy maksat edýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, BMG tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy Bilelikdäki maksatnama boýunça alyp baryjy edara hökmünde çykyş edýär. Beýlekiler milli hyzmatdaşlary Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligidir.

Ýerine ýetirilmeli möhleti: 2020-2022.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň