Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Aşgabatdaky edarasynyň wekilleri Türkmenistanyň saglygy goraýyş işgärleri üçin okuw sapaklaryny geçirdiler. Çäräniň dowamynda iň soňky teswirnamalara laýyklykda, agyr ýiti dem alyş ýollaryndaky ýokanç kesellere we COVID-19-a ýolugan näsaglary bejermek we dolandyrmak boýunça hünärmenler taýýarlandy. Bu barada BSGG-nyň «Instagramdaky» resmi sahypasynda habar berildi.
Okuw Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy we okuw merkezinde geçirildi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň halkara hünärmenleri COVID-19 ýokançlygyny bejermek, lukmançylyk enjamlaryny ulanmak we hassalary dolandyrmak boýunça strategiýalar we ýörelgeler boýunça tekliplerini paýlaşdylar.
Bu okuw Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin koronawirus ýokaşma krizisine garşy bilelikdäki taslamasynyň çäginde geçirildi.