Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasy Türkiýe bilen howa gatnawyny çäklendirýär

23:5912.04.2021
0
7881

Russiýa Federasiýasy Türkiýede COVID-19 bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşýandygy sebäpli şu ýylyň 1-nji iýunyna çenli bu ýurt bilen howa gatnawyny çäklendirýär. Bu barada TASS habar berýär.

Howa gatnawlary diňe AO «Концерн Титан-2» atom elektrostansiýasynyň gurluşygyna gatnaşmak hem-de Türkiýede dynç alýan russiýaly raýatlaryň yzyna gelmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ýagdaýynda amala aşyrylar.

Mundan başga-da, hepdede iki gezek Moskwa ― Stambul, Stambul ― Moskwa aralygynda howa gatnawy hereket eder.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasy Tanzaniýa bilen wagtlaýynça howa gatnawyny bes edýär. Bu daşary döwletlerde koronawirus bilen bagly ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen howa gatnawlarynyň adaty düzgünine dolanyp geljekdigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň