Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasy açyldy

22:4212.04.2021
0
12015

Şu gün – 12-nji aprelde Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasy açyldy. Onuň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

«BUIG Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy tarapyndan bankyň gurluşgyna 2018-nji ýylyň mart aýynda başlandy. 15 gatly bu binanyň umumy meýdany 16 840 inedördül metr bolup, beýikligi 76.5 metra deňdir. Bu ýerde 300-e golaý dolandyryş we müşderilere hyzmat etmek üçin niýetlenen otaglar, tehniki we hojalyk otaglary, şeýle-de 247 orunlyk mejlisler zaly, 136 orunlyk naharhana we ähli amatlyklary bolan awtoduraga göz öňünde tutulan.

Binada bank amallarynyň howpsuzlygyny we ýerine ýetiriş tizligini ýokarlandyrýan kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilen iş orunlary bolup, dünýä tejribesine laýyklykda, müşderilere amatlylygy üçin öz-özüne hyzmat ediş innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan. Olar bank kartynyň hasabyny özbaşdak doldurmaga mümkinçilik berýän “Cash-in” bankomatlar, kämil we ygtybarly depozitariý ulgamy we beýlekilerdir.

Senagat” paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda özüniň döwrebap onlaýn hyzmatlaryny we galtaşyksyz bank kartlaryny hem ilata hödürledi. Bank kartlary arkaly söwda edýän müşderilerini bolsa 2 göterimli “Cashback” hyzmaty bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşmaga höweslendirýär.

Internet ulgamynda işleýän “Internet-banking” we “Mobil-banking” hyzmatlarynyň peýdalanyjylarynyň sany gün-günden artýar we eýýäm 21 müňden geçdi.

Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde bank tarapyndan 235 sany maglumat-amal terminallary gurnalyp, bu terminallar arkaly öý we öýjükli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryna, internet ulgamy, IP-telewideniýe, saglyk ätiýaçlandyryş, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçilik gullugynyň kararlary esasynda jerimelerini tölemek we Aşgabat şäherinde hereket edýän awtobuslarynyň ýol töleglerini geçirmek bolýar.

Halkara hyzmatdaşlygyň netijesinde dünýäniň iň öňde baryjy banklaryň biri bolan “Doýçe Bank Trast Kompani Amerika“ bankynda ABŞ-nyň dollarynda we “Doýçe Bank Frankfurt am-Main” bankynda bolsa ýewroda habarlaşyk hasaplary açylyp, bankyň müşderileriniň daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşikleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredildi.

Bankda pul geçirimler ulgamy hem örän uly ösüşlere eýe boldy. “Ýanardag” içki pul geçirimler, “Western Union” halkara pul geçirimler ulgamy raýatlarymyzyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, 200-den gowrak daşary ýurtlary bilen bank aragatnaşygyny eýýäm 20 ýyldan bäri saklap gelýär.

2008-nji ýylda SWIFT ulgamynyň agzalygyna birikdirilmegi bilen “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileri islendik daşary ýurt pulunda töleglerini gönüden-göni bankyň üsti bilen ugradyp bilýärler.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň