Aşgabatdaky «Zehin ýoly» bilim merkezi täze bina göçdi. Bu waka mynasybetli düýn köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Agşamky maksatnama çagalar we ene-atalar üçin güýmenjeleri, fleş-mobdur aýdym-sazlary öz içine aldy.
«Zehin ýoly» bilim merkezi 2019-njy ýylyň tomsundan bäri işleýär. Onuň hyzmatlaryna bolan islegiň has artmagy sebäpli, okuw binasy paýtagtyň 10-njy kiçi etrabyna, has amatly bina göçürildi. Täze bina şäherdäki 8-nji saglyk öýüniň gapdalynda ýerleşýär.
«Zehin ýolunyň» islendik ýaşdaky adamlar üçin iňlis, rus, türkmen dilleri, matematika we akyl arifmetikasy boýunça dersleri hödürleýändigini ýatladýarys.