Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-rus we Türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyna bellenildi

23:2709.04.2021
0
24873

Anna güni geçirilen Minsitrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-rus we Türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady we olaryň başlyklygyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy belledi.

Hormatly Prezidentiň belleýşi ýaly, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparlarynyň 10-a golaýyna ýolbaşçylyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň işi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen, Türkmen-rus we Türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowy belläp, bu wezipelerden wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy boşatmak baradaky karara gelendigini aýtdy. Munuň özi Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has anyk we netijeli işleri geçirmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutany belledi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň