Wise-premýerler Serdar Berdimuhamedow we Raşid Meredow Russiýada saparda bolarlar

23:4229.03.2021
0
12062

Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Hökümet agzalary bilen bilelikde Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçiriljek Türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin 30-njy mart – 2-nji aprel aralygynda iş saparynda bolarlar.

Bu barada Hökümet mejlisiniň barşynda bellenildi. Degişli ýolbaşçylar bu iş saparlarynyň netijeleri barada döwlet Baştutanyna hasabat bererler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň