Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýada öýkeni çalyşmak boýunça ýeketäk operasiýa geçirildi

17:1708.04.2021
4
5594

Ýaponiýada, dünýä ýüzünde ilkinji gezek, diri donoryň gatnaşmagynda öýken çalyşmak boýunça şowly operasiýa geçirildi. Kiotsk institutynyň garamagyndaky hassahananyň lukmanlarynyň 11 sagadyň dowamynda koronаwirus sebäpli zeperlenen näsaga diri adamdan öýken alyp goýmak operasiýasyny geçirmegi başarandyklary hakynda TASS habar berýär.

Geçen ýylyň ahyrynda koronаwirus bilen kesellän zenanyň saglygy ýuwaş-ýuwaşdan ýaramazlaşyp, onuň iki öýkeni hem işini bes etmäge başlapdyr Näsaga ýanýoldaşynyň we oglunyň öýkeniniň bir bölegi goýlupdyr. Häzirki wagtda hünärmenler näsagyň hal-ýagdaýynyň gowudygyny belleýärler.

Diri adamyň donorlygynda geçirilen bu operasiýa dünýäde ilkinji gezek hasaba alyndy. Ozal donor hökmünde beýni komyna düşenlerden peýdalanylýardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Angelina ( 29.04.2021 )

Ничего себе! Вот это я понимаю настоящие профессионалы! Ну наши тоже ничем не хуже, вон сколько уникальных операций провели. Я вот задумалась, все таки насколько важно врачам повышать свои навыки! Знаю один учебный центр, там как раз можно повысить квалификацию врачам https://institut-medicina.ru/

0