Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

23:1407.04.2021
0
17542

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, hemmeleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ajaýyp baýram dostlugyň, parahatçylygyň hem-de sportuň belent däplerini dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, bu baýram jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da berkidýän möhüm waka hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem biz dünýä bileleşigi bilen birlikde eziz Diýarymyzda bu halkara baýramy ýokary ruhubelentlikde belleýäris.

Milli Liderimiz Bütindünýä saglyk gününiň şanyna bagyşlanyp geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň Garaşsyz döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde abraýyny dünýä giňden ýaýýandygyny belledi. Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ruhy galkynyşy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglydyr.

Şoňa görä-de, biz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, umuman, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy däplerini mynasyp dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ýurdumyzda iri sport hem-de atçylyk sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, döwrebap sport düzümleriniň döredilmegi muny aýdyň tassyklaýar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy sport ulgamy bolsa bu ugurda bize uly ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Watanymyzyň bu ugurdakу üstünlikleri abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýär.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar. Şu ýyl paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry guralar. Şu günler bu iri ýaryşlara gowy taýýarlyk görmek, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça halkara sport guramalary bilen bilelikde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bu işleriň ählisi sagdynlygyň we bagtyýarlygyň mekany bolan Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar. Garaşsyz Watanymyzda baş baýlygymyz bolan ynsan saglygyna uly üns berilýändigini bütin dünýä äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşyjylaryň ählisini Bütindünýä saglyk güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolundan uzap gidýän Arçabil hem-de Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry boýunça agzybirlik bilen herekete başladylar.

Aprel aýynyň güneşli, ýakymly säheri, arassa salkyn howa, dünýäniň owadan hem-de ýaşamak üçin oňaýly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň täzelenen keşbini eliň aýasynda ýaly görkezýän ýaşyl begrese bezenen dag etekleriniň gözel görnüşi ruhuňy belende göterýär. Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçýän ýolunyň ugrunda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.

Mähriban Watanymyzy, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleri, sporty, Aziýanyň merjen şäheri — ak mermerli Aşgabadyň gözelligini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bu çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy we oňa gatnaşyjylaryň ruhuny belende göterdi.

Döwlet Baştutanymyz hemişe bolşy ýaly, welosipedli ýörişiň barşynda birkemsiz beden taýýarlygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga elmydama wagt tapýar, munuň adamyň saglygyna hem-de ruhubelentligine oňyn täsir etmekde, bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny berkitmekde, zähmetsöýerlik, maksadaokgunlylyk, tutanýerlilik, özüňe erk etmek ýaly häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän artykmaçlyklaryny şahsy göreldesi arkaly subut edýär.

Welosiped sportunyň ýurdumyzda uzak taryha hem-de däplere eýedigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti 1894-nji ýylda, ýagny 127 ýyl mundan ozal döredildi. Şondan bir ýyldan soň bolsa ilkinji ýaryşlar geçirilip, Türkmenistanda sportuň bu görnüşini ösdürmäge badalga berildi. Milli Liderimiziň öňdebaryjy sport syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu gün welosiped sporty türkmenistanlylaryň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welosiped sporty bilen meşgullanmak hem-de welosipedli gezelençler saglyk üçin peýdalydyr, mundan başga-da, tebigatyň gözelligini synlap, lezzet almaga mümkinçilik berýär. Säher bilen arassa howada geçirilen wagt ylhamyňy joşdurýar, tutuş günüň dowamynda keýpiçaglyk, ruhubelentlik berýär.

Welosipedli gezelençler dünýäde uly jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň biridir, şeýle çäreler dürli durmuş, sport hem-de ekologiýa taslamalaryny hem-de başlangyçlary goldamak maksady bilen geçirilýär.

Şunuň ýaly möhüm ähmiýetli çärelere milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagy şular ýaly wakalaryň örän möhümdigine güwä geçmek bilen çäklenmän, ynsan saglygy, halkymyzyň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň derejesini kesgitleýär, şolaryň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň tassyknamasy bolup hyzmat edýär.

2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini işjeňleşdirmek we goldamak, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ýokary ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň halkara bileleşik tarapyndan giňden ykrar edilendiginiň subutnamasydyr.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça tassyklanylan bu ajaýyp sene raýdaşlyk we ynanyşmak, sagdynlyk hem-de hoşniýetli erk-isleg ýaly gymmatlyklaryň ähmiýetini alamatlandyrýar, sportuň parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmündäki mümkinçiliklerini giňeldýär. Bu senäniň şanyna geçen ýyl Aşgabatda “Welosiped” binasy açyldy, onuň ýerleşen ýeri ýurdumyzyň baş şäheriniň ýene-de bir ajaýyp künjegine öwrüldi.

Paýtagtymyzyň ajaýyp binalarynyň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylara “Döwletliler köşgünde” terbiýelenilýänler hem goşuldy. Bu binanyň dünýäde şeýle desgalaryň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek.

Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen bu gazna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy. Milli Liderimiziň gol çeken resminamasynyň esasynda haýyr-sahawat gaznasynyň milli hem-de daşary ýurt pulunda degişli bank hasaplary açyldy.

Munuň özi sagdynlygyň, ruhubelentligiň we bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda ösüp barýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşine, ýaşlaryň öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň üpjün edilmegine, howandarlyga mätäç çagalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegine möhüm ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däplerine laýyklykda, milli Liderimiz ýokarda agzalan gaznanyň hasabyna özüniň aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny geçirdi.

Häzirki wagtda parasatly ýörelgeler hem-de ýagşy dessurlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş nesiller hakyndaky alada şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.

Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem milli Liderimiziň başyny başlan täzeçil şähergurluşyk strategiýasy netijesinde, ýokary halkara ölçeglere laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport we atçylyk sport toplumlary, döwrebap awtodromlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, şolar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.

Gözlerimiziň alnynda Aşgabatda kuwwatly döwrebap düzüm kemala getirilip, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda biziň yssy howa şertlerimizde adaty bolmadyk görnüşleri — hokkeý we figuralaýyn typmak bilen meşgullanmak üçin hemme zerur şertler döredildi. Türkmenistanlylar sportuň bu görnüşlerini hyjuw we höwes bilen özleşdirýärler.

Has uly sport desgalarynyň hataryny örän gysga möhletiň içinde iri ugurdaş desgalar artdyrdy, şolaryň häzire çenli sebitde deňi-taýy ýokdur.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly durmuş ugurly syýasaty netijesinde bu günki gün sagdynlygyň we ruhubelentligiň mynasyp ykrar edilen ýeri — Türkmenistanda bedenterbiýä we sporta eýerýänleriň sany örän köpdür.

Şahsy göreldesi ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek işinde örän uly orun eýeleýän milli Liderimiziň baştutanlygynda birnäçe ýyl bäri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty wagyz etmek we elbetde, Türkmenistany halkara derejesindäki iri sport döwleti hökmünde berkarar etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu möhüm işe ýurdumyz belent ynsanperwerlik ýörelgelerini utgaşdyrýar. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy bilen birlikde, olimpiýa hereketiniň maksatlaryna eýerilmegine gönüden-göni bagly bolup, özünde adamlaryň mümkinçiligini has doly açmaga gönükdirilen belent ynsanperwer mazmuny jemleýär.

Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar.

Hut şoňa görä-de, halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanylan «2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda sport ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli işler doly güýjünde alnyp barylýar.

Ine, 2012-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň ýanynda bina edilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň hem-de Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň täze binalary Aşgabadyň gaýtalanmajak binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşdy. Bu binalar türkmen sportunyň derejesini täze belentlige çykarmaga, Watanymyzyň sport abraýyny has-da artdyrmak işine mynasyp goşant goşjak ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenen bilim ojaklarydyr. Şol ýyl hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi.

2020-nji ýylda bu ministrligiň täze dolandyryş binasy, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň açylyş dabaralary boldy. Şolarda Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara türgenleri taýýarlamak işleri ýokary derejede alnyp barylýar.

Umuman, bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga mümkinçilik berýär.

...Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyndaky welosipedli ýörişe gatnaşyjylaryň topary paýtagtymyzyň ajaýyp şaýollary boýunça hereketini dowam etdi.

Giň şaýollar, olaryň ugrunda peýda bolan belent ak mermerli binalar, özboluşly bezegli çüwdürim toplumlary, abadanlaşdyrylan seýilgähler hem-de ýaşyl zolaklar, köpöwüşginli gülzarlyklar kalbyňy joşdurýar, olar şu ýyl özüniň 140 ýyllyk şanly senesini belleýän Aşgabadyň keşbine aýratyn öwüşgin çaýýar.

Bu sene hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üstüni ýetirjek ýene-de birnäçe täze desgalar açylyp, ulanmaga berler.

Milli Liderimiz ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň sagaldyş hem-de terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda-da möhüm ähmiýete eýe bolup, jemgyýetde ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýändigini belleýär. Ekologiýa medeniýeti hem-de sagdynlyk bitewi düşünjelerdir.

Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi bolan welosiped mähriban ýurdumyza gezelenç hem-de syýahat etmegiň amatly serişdesidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemişe daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, ekologiýa abadançylygyny berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, bu meselelere aýratyn üns berýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen alnyp barylýan tebigaty goramak strategiýasynyň çäklerinde, her ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.

Şeýle çäreleriň netijesinde, Aşgabatda we onuň töwereklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň obalarynda we şäherlerinde ýaşyl zolaklaryň meýdanlary hem-de bag-seýilgäh zolaklary barha giňeýär. Nobatdaky şeýle dabara geçen aýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Halkara Nowruz gününe — Milli bahar baýramyna gabatlanyp guraldy.

Saglyk baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, häzirki wagtda berk saglyk derejesini saklamazdan, jemgyýetde üstünlik gazanmagyň aňsat däldigini bellemek ýerlikli bolar. Munuň özi işjeň durmuş ýörelgesini, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy aňladýar. Şunda welosiped sportunyň artykmaçlygy äşgärdir, çünki ulagyň bu görnüşi dürli ýaşdaky adamlar üçin hem elýeterlidir.

Welosipedli gezelenç edýän wagty adamyň öz bedeniniň ähli möhüm agzalaryny diýen ýaly herekete getirýändigi, munuň bolsa çydamlylygy artdyrýandygy, ruhubelentligi ýokarlandyrýandygy, ýürek, gan-damar we beýleki keselleriň töwekgelçiligini azaldýandygy, gan basyşynyň kadalaşmagyna hem-de ýadawlygyň aýrylmagyna ýardam edýändigi ylmy taýdan subut edildi. Welosiped sürlende beýniniň gan aýlanyşy işjeňleşýär, bu bolsa ünsüňi jemlemäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da welosipedli gezelenç bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýär. Tutuş maşgala ýa-da dostlar bilen bilelikde arassa howada wagtyňy peýdaly geçirmek welosiped sportunyň artykmaçlygydyr.

Welosipedçiler topary Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça binagärlik toplumlary hem-de gözelligi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyzyň merkezine tarap ýoluny dowam etdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde şu günki köpçülikleýin ýörişiň tamamlanýan ýeri bolan Döwlet münberi ýerleşýän ýurdumyzyň Baş meýdançasyna geldi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişiň Bütindünýä saglyk güni mynasybetli bolşy ýaly, onuň tutuş ilatymyzy bedenterbiýe-saglyk hereketine işjeň çekmekde ähmiýetlidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ekologiýa ugruny nazarlaýan şeýle çäreleri diňe bir adam saglygyna oňyn täsir etmek bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrýar we adamlary täze döredijilik üstünliklerine, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyryljakdygyny belledi. Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli baýramçylyga taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň baş şäheriniň arassaçylyk, abadançylyk derejesine, dabaralara görülýän taýýarlyk işleriň guramaçylyk ýagdaýyna möhüm üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport çäresine gatnaşýanlar bilen hoşlaşyp, olara üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Şeýlelikde, şu gün guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, sagdynlygyň hem-de parahatçylygyň, milli Liderimiziň baştutanlygynda ynamly öňe, döredijiligiň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap barýan türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara sport hereketiniň taglymlaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek görkezdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň