Soňky habarlar

Arhiw

«Trankapitalbank» we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ykdysady meseleleri boýunça şertnama gol çekdiler

18:1107.04.2021
0
29131

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň mejlisinde Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Transkapitalbank» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekildi.

Ylalaşyga rus tarapyndan «Transkapitalbank-yň» ýolbaşçysy Ýewgeniý Iwanowskiý, türkmen tarapyndan bolsa Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysy Rahimberdi Jepbarow gol çekdiler.

Hyzmatdaşlyk şertnamasy taraplaryň uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, ösüşiniň geljegini we anyk ugurlaryny görkezmek üçin niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň