Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi türkmen talyplary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

20:2229.03.2021
0
14947

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejebow Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Bu barada Ilçihananyň metbugat gullugyna salgylanyp, «Kazinform» habar berdi.

Duşuşykda ilçi talyplar bilen ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda meýilleşdirilýän çäreleri ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna beslenýändigi bellenildi. Şu ýyl Türkmenistanda Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli dabaralar hem geçiriler.

Çäräniň çäginde talyp ýaşlar aýdymlar we milli tanslar bilen çykyş etdiler.

Çeşmäniň habaryna görä, häzirki wagtda Gazagystanda 3500 müňden gowrak türkmen talyby okaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň