Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 26-njy martda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa milletiň Liderine 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek esasy çäreleriň, şeýle hem medeni-durmuş maksatly binalary açyp, ulanmaga bermegiň maksatnamasy barada hasabat berdi.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygarynyň hem-de Bütindünýä saglyk gününiň, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň, Aşgabadyň 140 ýyllygynyň hormatyna bagyşlanan çäreleriň meýilnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde ylmy-amaly maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, baýramçylyk konsertlerini, ylym-bilim çärelerini, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini guramak göz öňünde tutulýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň maddy we ruhy mirasynyň düýpli öwrenilmeginde hem-de dünýäde giňden wagyz edilmeginde baýramçylyk dabaralarynyň we çäreleriniň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramyna we ilkinji gezek onuň bilen bilelikde geçirilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk işlerine ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda bu ugurlaryň degişli düzümleriniň döredilmegine hem-de sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilen işleriň ähmiýetlidigini belledi. Arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, atşynaslyk ulgamyndaky tohumçylyk işinde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we itşynaslyk milli ýörelgelerini ilerletmek hem-de onuň asyrlar aşyp gelýän däplerini geljek nesillere ýetirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiliginde mynasyp orun eýelemelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy hem-de baýramçylyklar mynasybetli meýilleşdirilen dabaralary türkmen toýuna mahsus derejede guramaçylykly geçirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.