Soňky habarlar

Arhiw

«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» diýip yglan edildi

15:0826.03.2021
2
9102

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli bu birleşme bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilelikde ýurdumyzyň hususyýetçileriniň arasynda «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde 2020-nji ýylda alyp baran işlerine baha berildi.

Birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda döwrebap we ýokary hilli önümleri öndürmekde tanalýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bäsleşigiň «Innowasion tehnologiýalaryny we sanly ykdysadyýeti önümçilige ornaşdyrmakda ýylyň iň öňdebaryjy işewüri» diýen ugur boýunça birinji orny eýeledi. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bäsleşigiň degişli ugrunyň baýragy bilen sylaglandy.

2016-njy ýylda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen “Aÿdyñ gijeler” hojalyk jemgyýetiniň önümleri 17 ― 23-nji martda paýtagtymyzdaky Söwdasenagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guralan sergä öz önümleri bilen gatnaşdy. Serginiň ahyrynda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetine bu sergä we onuň çäklerinde geçirilen maslahata işjeň gatnaşandygy üçin Diplom gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
soyegow2011 ( 16.04.2021 )

Уже больше года ничего не выпускают кроме лампочки. Кто может сказать когда начнется у них производство?

0
soyegow2011 ( 16.04.2021 )

электронику они не выпускают кроме лампочки

1