Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa Federasiýasy 1-nji aprelden başlap, halkara howa gatnawlarynyň sanyny köpelder

21:0525.03.2021
0
10368
Russiýa Federasiýasy 1-nji aprelden başlap, halkara howa gatnawlarynyň sanyny köpelder

Russiýa Federasiýa şu ýylyň 1-nji aprelinden başlap, 6 sany ýurt — Germaniýa, Şri-Lanka, Wenesuela, Siriýa, Täjigistan we Özbegistan bilen howaýollary arkaly ýolagçy gatnawlaryny yzygiderli ýola goýar.

Russiýa Federasiýasy şu ýylyň 1-nji aprelden başlap, Germaniýanyň howaýollary edaralary bilen gazanylan ylalaşyk esasynda, hepdede bäş gezek Frankfurt Maýn — Moskwa — Frankfurt Maýn, hepdede üç gezek Frankfurt Maýn — Sankt-Peterburg — Frankfurt Maýn, hepdede bäş gezek Moskwa — Berlin — Moskwa we hepdede üç gezek Moskwa — Frankfurt Maýn — Moskwa ugurlarynda howaýollary arkaly ýolagçy gatnawlaryny yzygiderli ýola goýar.

Russiýa Federasiýasy iki taraplaýyn esasda 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap:

  • Wenesuela bilen hepdede iki gezek Moskwa — Karakas aralygynda;
  • Siriýa bilen hepdede bir gezek Moskwa — Damask aralygynda;
  • Täjigistan bilen hepdede bir gezek Moskwa — Duşanbe aralygynda;
  • Özbegistan bilen hepdede bir gezek Moskwa — Daşkent aralygynda;
  • Şri-Lanka bilen hepdede bir gezek Moskwa — Kolombo aralygynda;
  • Kuba bilen hepdede ýedi gezek Moskwa — Waradero aralygynda;
  • Belorussiýa bilen hepde-de bir gezek Kaliningrad — Minsk aralygynda howaýollary arkaly ýolagçy gatnawlaryny yzygiderli dowam etdirmek kararyna geldi. Mundan başga hem, Russiýa Federasiýasy Ermenistana, Azerbaýjana, Müsüre we Birleşen Arap Emirliklerine halkara howa gatnawlarynyň sany köpelder.

Rus raýatlary bu ýurtlara diňe Moskwa we Sankt-Peterburg howa menzillerinden däl-de, eýsem Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň howa menzillerinden hem gidip bilerler. Russiýa Federasiýasy halkara howaýollary arkaly ýolagçy gatnawlaryna şu ýylyň 1-nji aprelinden başlap, ýurduň ýene 13 sany howa menzilinde täzeden başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň