Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda ýeralma ekişine girişildi

21:5822.03.2021
0
5394

Daşoguz welaýatynyň oba hojalykçylary ýeralma ekişine girişdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Şu ýyl demirgazyk sebitde 1900 gektar ýerde ýeralma ekiler. Şunça ýeriň agramly bölegi Gurbansoltan eje adyndaky etraba degişlidir. Etrabyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky we «Şabat» daýhan birleşiklerinde ýeralma önümçiligine ýöriteleşdirilen hojalyklar hem bar.

S.A.Nyýazow adyndaky etrapda bolsa şu ýyl ýazlyk ýeralmanyň 450 gektary ekiler.

Sebitde güýzlük ýeralma üçin 800 gektar ýer bölünip berler. Ekerançylar her gektardan 140 sentnere çenli hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Daşoguz sebitlerinde ýeralmanyň golland sortlaryny ekmek göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine çalt uýgunlaşan bu sortlar ýokary hasyl berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň