Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen halylaryny Saud Arabystanyna eksport etmegiň meselelerine seredildi

19:0617.03.2021
0
10612

Golaýda Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Halid bin Faýsal Al-Sehli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Döwletgeldi Rejebow we «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygy Ogulhajat Işangulyýewa bilen wideoduşuşyk geçirdi.

Taraplar söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde we iki ýurduň arasyndaky söwdanyň gerimini ýokarlandyrmakda, şeýle hem Saud Arabystanyna türkmen halylarydyr dokma önümlerini eksport etmekde iki doganlyk ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň dünýäde pagta öndürmekde onunjy orunda durýandygy we bu hyzmatdaşlygyň türkmen bazaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge kömek edýändigi bellendi.

Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky işewürlik duşuşyklarynyň ýygylaşdyrylmagy, Söwda we senagat edaralarynyň arasynda maslahatlary geçirip, Patyşalykda türkmen halylarynyň dükanyny açmak barada pikir alyşyldy.

Jenap Halid bin Faýsal Al-Sehli şu ýyl bu ugur bilen gyzyklanýan edaralaryň we kompaniýalaryň arasynda ikitaraplaýyn ýygnaklaryň geçirilendigini, şol döwürde söwda alyş-çalyş we maýa goýumlarynyň derejesini ýokarlandyrmak meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Şeýle duşuşyklar, şübhesiz, päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyna we iki dogan döwletiň arasyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine, şeýle hem saud ― türkmen bazarynyň giňelmegine ýardam berer ― diýip, ilçihananyň metbugat gullugy ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň