Türkmenistan «Tekstillegprom» söwda ýarmarkasyna gatnaşdy

12:2113.03.2021
0
13355

Türkmenistanyň dokma önümlerini öndüriji kärhanalary Russiýanyň 28 sebitinden we dünýäniň 16 döwletinden, şol sanda Ermenistandan, Belarusdan, Germaniýadan, Hindistandan, Italiýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Pakistandan, Polşadan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan kärhanalaryň wekilçilik eden Dokma we ýeňil senagatynyň 55-nji halkara lomaý söwda ýarmarkasyna gatnaşdy.

Umuman, sergide 300-den gowrak öndürijiniň önümleri görkezildi.

«Tekstillegprom»-yň esasy maksady kompaniýalaryň gazananlaryny köpçülige görkezmek, bilim we tejribe alyşmak, marketing, işewürlik ýygnaklaryny geçirmek we önümi mahabatlandyrmakdan ybaratdyr.

Sergide dokma we ýeňil senagaty önümleriniň köp sanly görnüşi görkezildi. Olaryň arasynda çig mal, ýüplük, matalar, deri, bezeg önümleri, dokma we ýeňil senagaty üçin enjamlardyr serişdeler, tehniki dokma önümleri, şeýle hem egin-eşik, trikotaž, jorap, deri önümleri , öý dokma önümleri bar.

«Tekstillegprom» iri sergi bölümleriniň ikisinden ybarat boldy. Olaryň birinde dokma we ýeňil senagatyň hem-de tehniki dokma önümleri, dokalmaýan we çig mal üçin enjamlary we tehnologiýalary görkezildi. «PROfashion.ru»-nyň habaryna görä, ikinji bölümde öý dokma önümleri, trikotaž matalar, egin-eşik we beýlekiler görkezildi.

Söwda ýarmarkasynyň işine 15,5 müňden gowrak adam baryp gördi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň