Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda gurulýan sement zawodlarynyň ýokary kuwwata eýe bolmagy üçin ähli mümkinçilikler dörediler

23:4912.03.2021
0
7477

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde milletiň Liderine sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milletiň Lideriniň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlary esasynda, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Beýik bina” hususy kärhanasynyň, “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň arasynda, degişli şertnamalar baglaşyldy. Häzir sement kärhanalarynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede taslamalaşdyrylyşyna we önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna dahylly meseleler içgin öwrenilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar” syýasatyny we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýan Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmekde ägirt uly tejribe toplan, innowasion tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ygtybarly kompaniýalary bilen gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bilelikdäki netijeli işler pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän sementiň, beýleki önümleriň önümçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidir diýip, milletiň Lideri belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany täze sement zawodlaryny gurmak boýunça meseleleri jikme-jik seljermek barada wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň