Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherindäki söwda merkezlerini hususylaşdyrmak teklip edilýär

23:4812.03.2021
0
33845
Aşgabat şäherindäki söwda merkezlerini hususylaşdyrmak teklip edilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji martda geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow milletiň Lideriniň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklibi hödürledi.

Hususan-da, söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak teklip edilýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bu desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň okgunly ösüş depgininiň üpjün edilýändigini belledi. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen soňky ýyllarda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutany Ýokary gözegçilik edarasy bilen bilelikde hödürlenen teklip boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň